Türkmenistanda walýuta konwertasiýasyna rugsat berlenden soň azyk nyrhlary arzanlaýar

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habar berşi ýaly, iýunyň aýagynda telekeçilere öz bank hasaplaryna bolan puluň 3 prosentini dollara öwürmäge rugsat berdiler. Şu sebäpli telekeçiler ýurda azyk önümlerini getirip bildiler. Käbir harytlaryň bahalary arzanlamaga başlady.

Import edilýän ösümlik ýagy “Oleýna” bir aý ozal 20 manatdan satylan bolsa, häzir 14 manatdan satylýar.

Ýerli “Ahal” ýagynyň 1 litri döwlet dükanlarynda 3,4 manatdan satylýar. Adamlar bu ýagy almak üçin ir sagat 6-da nobata durýarlar we haryt ýarym sagatda satylyp gutarylýar. Bu ýagy kommersiýa dükanlarynda hem satyn alyp bolýar, ýöne eýýäm 11 manat tölemeli bolýar.

Bit towugyň bahasy 18 manatdan 13 manada düşdi.

Ýumurtganyň biri 33 teňňeden satylýar.

Şeker barada aýdylanda, ozalkylary ýaly, ol adam başyna 2 kilogramdan satylýar. Emma indi şekeriň nobaty ýok.

Belleýäris, hemme harytlaryň bahasy arzanlamaýar. Mysal üçin, eger ozal 1,5 litrlik gazly suw 2,5 manat bolan bolsa, häzir ol 5 manatdan satylýar.

TH-nyň ozal ýazyşy ýaly, ýurtda “Coca-Cola” içgisisni öndürmek dikeldildi, bu içginiň 1 litrlik çüýşesiniň bahasy 10 manatdan 35 manada çenli arzanlady

Telekeçiler mundan beýläk hem walýuta konwertasiýasyna rugsat beriljekmi ýa-da bu prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli görlen bir gezeklik çäre, häzirlikçe düşnükli däl.

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar
Türkmenistandaky azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanyň bazarlarynda “görkezme-esbap” towuk etleri peýda bolup başlady
Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar