Türkmenistandaky britan ilçisi ýurt içindäki we daşyndaky dogruçyl hem halal žurnalistlere goldawyny bildirdi

Türkmenistandaky britan ilçisi ýurt içindäki we daşyndaky dogruçyl hem halal žurnalistlere goldawyny bildirdi

Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky ilçisi Torda Abbot-Wat (Thorda Abbott-Watt) Beýik Britaniýanyň hem-de Kanadanyň hökümetleriniň Media azatlygy boýunça Londonda geçirýän Bütindünýä maslahaty mynasybetli 10-njy iýulda ýaýradan beýanatynda Türkmenistan üçin möhüm meseleler barada dogruçyllyk we halallyk bilen ýazýan türkmen žurnalistlerini goldap çykyş etdi.

Ilçi halkara çäre mynasybetli britan hökümetiniň web sahypasynda ýaýradan beýanatynda özleri üçin hem-de Türkmenistan üçin wajyp meseleler barada dogruçyllyk we halallyk bilen ýazýan ýurduň içindäki we daşyndaky türkmen žurnalistlerine goldawyny bildirdi. “Şu gün Britaniýa bilen Kanada bilelikde Londonda Media azatlygy boýunça Bütindünýä maslahatyny geçirýär.

Bu ýerde, Aşgabatda, biziň pikirlerimiz özleri üçin hem-de Türkmenistan üçin wajyp meseleler barada dogruçyllyk we halallyk bilen ýazýan Türkmenistanyň özündäki we daşyndaky türkmen žurnalistleri bilen bolar” diýip, Birleşen Şalygyň Aşgabatdaky ilçisiniň beýanatynda aýdylýar. 10-njy iýulda Birleşen Şalygyň hem-de Kanadanyň hökümetleriniň bilelikde gurnaýan Media azatlygy boýunça Bütindünýä maslahaty Londonda öz işine başlady.

Britan hökümetiniň maslahat barada çap eden maglumatyna görä, iki günläp dowam etjek maslahatyň gün tertibinde Merkezi Aziýada we Gündogar Ýewropada duşmançylykly sredalara sezewar bolýan žurnalistleri goldamak boýunça sazlaşykly ulgamy işläp düzmegiň meseleleri hem bar.

Ilçi Abbot-Watyň beýanatynda media azatlygynyň Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyndan ugur alýandygy nygtalýar. “Media azatlygy wajypdyr eşidilmek hukugy, žurnalistleriň işlerine gatyşylmazdan olaryň habar bermek hukugy, adamlara sözleriň elýeterli bolmagyna degişli hukugy [wajypdyr]” diýip, beýanatda aýdylýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan bu ugurda dünýäde 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Ondan ozalky ýyllardaky hasabatlarda metbugat azatlygynda iň yzdaky orny Demirgazyk Koreýa alyp gelýärdi.Bu ýyl türkmen häkimiýetleri, hasabata görä, 180-nji orny Demirgazyk Koreýa ýetirmedi.Galyberse-de, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň soňky beýanatyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa metbugat azatlygy boýunça Bütindünýä reýtinginde iň yzdakynyň öň ýanyndaky orny eýeleýär.

Mundan ozalky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylaryny yzarlap, olara basyş edip geldi; radionyň Saparmämmet Nepeskulyýew, Hudaýberdi Allaşow, Soltan Açylowa ýaly ýerli habarçylary yzarlamalara, gorkuzmalara we sütemlere sezewar boldy.

Bu gorkuzmalar we yzarlamalar Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde, ýagny öz at-familiýalary ýaly şahsy maglumatlaryny jemgyýetçilige aýan etmezden işlerini ýerine ýetirmäge mejbur etdi.Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdelerinde aýdylmaýan hem-de ýiti senzura sezewar bolýan möhüm wakalar we habarlar barada maglumat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Britaniýa milliarder Igor Makarowy gadagançylyklar sanawyndan çykardy
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer
Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler
Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (2-nji bölüm)
“Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar