Türkmenistandan Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçýänleriň sany bir ýylda 81% köpeldi

Orsýetiň Wolgograd oblastyna esasan Türkmenistanyň we Belarusyň raýatlary göçüp gelýärler diýip, Волгоградская правда habar berýär.

Migrasiýa proseslerini sazlamak meselesi 6-njy martda, Wolgograd oblastynyň Jemgyýetçilik palatasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Milletara we dinara gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy komissiýanyň başlygy Oleg Kriçenkonyň bellemegine görä, bu oblast merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrantlary üçin örän özüne çekiji sebit bolup durýar.

Orsýet IIM-niň migrasiýa meseleleri boýunça baş edarasynyň watandaşlar, bosgunlar we mejbury göçügünler bilen işleşmek bölüminiň başlygy Tatýana Birýukowa 2016-njy ýydaky bilen deňeşdirilende migrasiýa hasabyna goýlan raýatlaryň sanynyň 10% köpelendigini aýtdy.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende Belarusdan gelen raýatlaryň sany 61%, Türkmenistanyň raýatlary 81%, Azerbaýajanyň raýatlary 18% köpeldi diýip, Birýukowa aýtdy. Şeýle-de, sebite Özbegistanyň, HHR-nyň we beýleki köp ýurtlaryň raýatlary geldi. Biziň regionymyza gelinmeginiň esasy sebäpleri iş, hususy, syýahat we okuw meseleleri bilen bagly. Regionda daşary ýurtlaryň 7900 raýaty ýaşaýan ýerleri boýunça hasaba alyndy.

Ýatladýarys, Orsýet IIM-niň migrasiýa meseleleri boýunça Baş edarasynyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylda Orsýetde Türkmenistanyň 74 müň raýaty migrasiýa hasabyna durdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Orsýetiň Wolgograd oblastyndaky türkmen migrantlarynyň sany bir ýylda 81 % artdy
Türkmenistandan daşary ýurtlara iş gözläp gidýän köpelýär
11 şäher, 12 stadion
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Häkimiýetler ýurda dolanýan raýatlardan walýutalaryny aeroportda resmi kursdan manada öwürmeklerini talap edýär