Türkmenistandan daşary ýurtlara iş gözläp gidýän köpelýär

“Azatlyk” radiosy Türkmenistandan daşary ýurtlara işlemäge gidýän zähmet migrantlarynyň sanynyň barha köpelýändigini habar berýär.

Neşir bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň aýtmaklaryna görä, muňa soňky döwür ýurtda iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi sebäp bolýar.

Türkmen migrantlary mundan öň iş gözläp esasan Türkiýä gitmäge ýykgyn eden bolsalar, soňky wagtlarda goňşy ýurtlara, şol sanda Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana gitmegi hem köpeltdiler.

Radionyň Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Türkiýede kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlaryň sany 30 müň çemesi bolupdyr.

Stambulda migrantlara hukuk maslahatlaryny berýän “Turkpermit” firmasynyň hasaplamalaryna görä, Türkiýede köne pasportly we wiza möhleti gutaran, bikanun ýagdaýda ýaşaýan we işleýän türkmen migrantlarynyň sany takmynan, 200 müňe golaýlaýar.

Şeýle-de Radio, Statistika guramasynyň hasabatyna salgylanyp, Türkiýede resmi ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany boýunça Owganystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Rusiýadan gelen raýatlardan soň, bäşinji orunda durýandygyny habar berýär.

Mundanam başga, Türkmenistandan Türkiýä 2017-nji ýylyň başky alty aýynda 274 müňden gowrak turkmenistanly syýahatçy bolup, turist görnüşinde” geldi diýip, “Azatlyk” Türkiýäniň Medeniýet we turizm minstrligine salgylanyp habar berýär.

Ýatladýarys, Волгоградская правда neşiri mart aýynda Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçüp gelýän türkmenistanlylaryň hem köpelýändigini habar berdi.

Orsýet IIM-niň migrasiýa meseleleri boýunça baş edarasynyň maglumatyna görä, 2016-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, bu ýere Türkmenistandan gelen raýatlar 81% köpeldi.

Orsýet IIM-niň migrasiýa meseleleri boýunça Baş edarasynyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylda Orsýetde Türkmenistanyň 74 müň raýaty migrasiýa hasabyna durdy.

Belleýäris, TDH-nyň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desga gurulýar we olaryň 99 prosentinine golaýy ýerli firmalar tarapyndan, diýmek, ýerli işçileriň güýji bilen bina edilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň dil öwrediş ýokary okuw mekdebi iňlis dili boýunça V halkara olimpiadasyny kabul eder
Mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär
Mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy
Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär