Türkmenistandan Türkiýä onlaraça bank kartyny alyp gelip, Stambulyň Aksaraý etrap merkezinde bir bankomatdan pul çykarmaga synanyşan türkmen zenanlary polisiýa tarapyndan göz astyna alyndy diýip, Azatlyk radiosy habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, 14-nji iýulda Stambulyň “Akbank” atly hususy bankyň bankomadynyň öňünde Türkmenistandan pul çekmäge gelen zenanlaryň arasynda dawa döräp, olar özara uruşmaga başlaýar. Netijede, ol aýallaryň biriniň haly sumkasy ýyrtylyp, onuň içinden Türkmenistanyň dürli banklaryna degişli onlarça plastik bank karty dökülýär.
Bankyň howpsuzlyk işgärleri bu bank kartlaryndan şübhelenip, bankomatyň öňünde uruşýan aýallary polisiýa tabşyrýarlar.
“Azatlyk” radiosynyň Türkiýedäki habarçynsyň we şaýatlaryň tassyklamagyna görä, soňky günlerde Stambulyň Aksaraý etrabynyň merkezinde ýerleşýän banklaryň bankomatlarynda onlarça türkmenistanly raýatyň pul çekmek üçin nobata durandygy ýygy-ýygydan göze ilýär.
Azatlyk ýerli polisiýa çeşmesiniň bu fakty tassyklandygyny, emma tussag edilen türkmenistanly aýallar barada goşmaça maglumat bermändigini habar berýär.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda bank ýolbaşçylaryna käýinç bereninden soň, türkmen banklarynda manadyň konwersatiýasy çäklendirildi we bu ýagdaý türkmen banklarynyň öňünde hem uly nobatlaryň döremegine alyp geldi.
Mundanam başga, türkmen prezidentiniň bankirlerden ýurtda dörän maliýe problemalaryna gyssagly çözgüt tapmagy talap edýändigi habar berilýär.
