Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar

Türkmenistanyň ýygyndysynyň wekilleri şu günler Hindistanda dowam edýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda henize çenli dört medal gazandylar.

Ýakynda Gawanada geçirilen Gran-pri ýaryşynyň wise-çempiony Gaýgysyz Töräýew 81 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ikinjii basgançagyna çykdy. Agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşi boýunça 325 kilogramlyk netije görkezen (147 + 178 kilogram) birinji ornuň eýesinden ― özbegistanly Nursultan Esbergenowdan bary-ýogy 7 kilogram yza galdy. Bürünç medaly bolsa 320 kilogramlyk netije bilen eýranly Abdolla Beýrawand eýeledi.

Türkmen ýygyndysynyň ikinji kümüş medalyny ýaşlaryň arasynda şu ýyl ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Perhat Bagtyýarow eýeledi. 17 ýaşly türgen 61 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, iki görnüşiň jemi boýunça 256 kilogram agyrlygy eýgerdi.

Birinji orny eýelän filippinli Delos Santus ondan bary-ýogy 2 kilogram köp agyrlygy götermegi başardy.Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa 253 kilogramlyk netije bilen özbegistanly türgen Azizbek Şomurodow çykdy.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda 64 kilograma çenli agram derejäniň wekili Gülälek Kakamyradowa hem kümüş medala mynasyp boldy. Ol ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 175 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şeýlelikde, Gülälek bürünç medalyň eýesi bolan eýranly türgen Şarifi sedeh Haniden 3 kilogram öňe saýlandy. Altyn medala bolsa 182 kilogramlyk netije bilen onuň watandaşy Hosseýni Seýedehgazale mynasyp boldy.

Şu ýyl ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolan Ogulşat Amanowa bu gezek 45 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Ol iki görnüş boýunça jemi 145 kilogram agyrlygy eýgerdi. Bu agram derejesinde altyn medala Anželina Koloniýa (152 kilogram), kümüş medala bolsa bolsa Nguýen Thi Hoaý (151 kilogram) mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikadaky dünýä çempionatynda ilkinji dokuzlyga girdi
Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Aziýanyň çempionatyny 20 medal bilen tamamladylar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar