Gülälek Kakamyradowa bürünç medal gazandy

Gülälek Kakamyradowa bürünç medal gazandy

Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşýän Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy.

Gülälek ştangany birden galdyrmak bäsleşigindäki synanyşyklaryny şowly jemledi. Zehinli türkmen gyzy 88 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň bu görkezijisi şu görnüş boýunça bürünç medaly getirdi. Gülälegiň netijesi diňe tailandly ýetginjek Tanaporn Seatiniňkiden (93 kg) hem-de gazak türgeni Taissiýa Alekseýewanyňkydan (89 kg) azlyk etdi.

Onuň itekläp götermekdäki netijesi 101 kilograma deň boldy. Türkmen gyzy bu agyrlygy ikinji synanyşygynda boýun egdirdi. Üçünji synanyşygynda bolsa Gülälege 106 kilogram agyrlygy galdyrmak başartmady. Şeýlelikde, 101 kilogramlyk görkezijisi onuň itekläp götermekde bäşinji orny eýelemegini şertlendirdi.

Türkmenistanly türgen iki görnüşiň jemi boýunça hem 189 kilogram netije bilen bäşinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze teleýaýlym peýda bolar, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almagyň Tertibine girizilen üýtgeşmeler köpçülige ýetirildi, Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda täze seýilgäh hem-de 23 sany dokuz gatly jaý gurlar we beýleki habarlar
Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşýän Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy.
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar
Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda 25 medal gazandylar