Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda 25 medal gazandylar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda 25 medal gazandylar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary Hindistanyň Deli şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda medallaryň 25-sine mynasyp boldular. Gazanylan netijäniň iň guwandyryjy tarapy olaryň 10-synyň altyn medal bolmagydyr. Şeýle-de türkmen türgenleri 9 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.

Şol medallaryň dördüsi, ýagny üç kümüş we bir bürünç medal ýetginjekleriň arasynda ýaryşan Aşgabat şäherindäki Olimp sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Perhat Bagtyýarowa degişlidir.Onuň ştangany silterläp galdyrmakdaky (112 kilogram), iteklemekdäki (144 kilogram) netijeleri hem, iki görnüşiň jemi boýunça umumy netijesi hem (256 kilogram) kümüş medala laýyk geldi.

Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ogulşat Amanowa-da ýetginjekleriň arasynda üç medaly döşe dakanlaryň biri.Gyzlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen ştangany silterläp galdyrmakda-da (64 kilogram), itekläp galdyrmakda-da (80 kilogram), iki görnüşiň jemi boýunça-da (145 kilogram) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Gülälek Kakamyradowa bolsa ýurdumyzyň halkara sport abraýyna kümüş medallaryň ikisi we bir bürünç medal bilen goşant goşdy. 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ýetginjek agyr atletikaçy ştangany silterläp galdyrmakda 79 kilogram agyrlygy eýgerip, bu görkezijisi üçin kümüş medal bilen sylaglanyldy.

Agyrlygy itekläp galdyrmakda 96 kilograma ýetip bilen Gülälegiň bu gezekki netijesi bürünç medala mynasyp boldy.Iki görnüşiň jemi boýunça ol 175 kilogramlyk netije görkezip, ýene-de hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Aziýa çempionatyndaky 10 altyn medalyň birini ýaşlaryň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Gaýgysyz Töräýew gazandy.Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby altyn medaldan başga-da, kümüş medallaryň hem ikisine mynasyp boldy.

Has takygy, ştangany itekläp galdyrmakda Gaýgysyzyň ýetip bilen 178 kilogram agyrlygy beýleki bäsdeşleriniň birine-de eýgertmedi. Şeýlelikde, altyn medal biziň ildeşimiziň döşüni bezedi.Onuň silterläp galdyrmakdaky (147 kilogram) we iki görnüşiň jemindäki (325 kilogram) netijeleri bolsa kümüş medala deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Resul Rejebow 89 kilograma çenli agram derejesindäki ýaşlaryň arasynda kümüş medallaryň ikisine we bir bürünç medala mynasyp boldy.Harby gullukçy ştangany silterläp galdyrmakda (148 kilogram) we iki görnüşiň jeminde (318 kilogram) hormat münberiniň ikinji ornuna çykan bolsa, itekläp galdyrmakda (170 kilogram) üçünji orny eýeledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow bolsa ýaşlaryň arasynda 96 kilograma çenli agram derejesinde üç görnüşde hem deňsiz-taýsyz boldy. 160 kilogram agyrlygy silterläp, 197 kilogram agyrlygy itekläp galdyran Şahzadbek iki görnüşiň jemi boýunça 357 kilogramlyk netije görkezip, bu netijeleriň üçüsi boýunça hem altyn medala mynasyp boldy.

Şahzadbek ýaşlaryň arasynda Aziýanyň çempiony bolan bolsa, paýtagtymyzdaky Olimp orta sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Änamjan Rustamowa iki ýaş derejesinde-de yklymyň iň güýçli agyr atletikaçysy bolup, döşünden jemi alty sany altyn medaly asdy. Şeýlelikde, Änamjan uzak ýyllardan soň bir ýaryşda alty sany altyn medal gazanan ilkinji türkmenistanly agyr atletikaçy boldy. Ýetginjekleriň arasynda-da, ýaşlaryň arasynda-da 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Änamjan silterläp galdyrmakda 103, itekläp galdyrmakda 125 kilogram agyrlygy götermegi başardy. Şeýlelikde, ol 228 kilogramlyk sepgide ýetip bildi. Änamjanyň bu netijesini ýetginjekleriň arasynda-ha däl, ýaşlaryň arasynda-da gaýtalap bilen başga türgen tapylmady.

Ýene degişli makalalar

AGYR ATLETIKA: AZIÝA ÇEMPIONATYNDAN 25 MEDAL
Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çemionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar