Türkmenistanly aktiwistler prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazmaça ýüzlenme gowşurmaga synanyşdylar. Olary Stambuldaky konsulhanada gazaply ýençdiler (wideýo)

Türkmenistanly aktiwistler prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazmaça ýüzlenme gowşurmaga synanyşdylar. Olary Stambuldaky konsulhanada gazaply ýençdiler (wideýo)

16-njy awgustda türkmen aktiwistleri, Türkiýeli iki adam hukuklaryny goraýjy we aklawjy bilen birlikde Stambuldaky türkmen konsulhana arkaly prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazmaça ýüzlenme gowşurmak islediler.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondunyň” habaryna görä, konsulhananyň öňüne ýygnananlar prezident Berdimuhamedowa ýüzlenme okap wideýo ýazgy etdiler we soňra diplomatiýa wekilýetiniň howlusyna girdiler.

Türkmen raýatlarynyň ýanyna konsulhanayň alty işgäri geldi we aktiwistler olaryň arasyndan diňe Merdan Mustakowy tanadylar.

Diplomatiýa wekilýetiniň işgärleri özlerine ýüzlenen iki zenany we üç erkegi kemsitmäge, ýençmäge başladylar. Şaýatlaryň sözlerine görä, olaryň ýanyndaky aklawja hem hüjüm edildi, zenanlaryň birini ýere ýatyrdylar.

Kellesine agyr jisim bilen urlan, 38 ýaşly Atamyrat Saparow güýçli şikes aldy.Ol saglyk kömegine mätäçlik çekdi.

Konsulhananyň çakylygy bilen ol ýerä gelen polisiýa Saparowy, Dürsoltan Taganowany we türkiýeli adam hukuklaryny goraýjylaryň birini tutdy.

Ol ýerdäki şaýatlaryň sözlerine görä, aktiwistler ýumruklaşma meçew bermediler, aklawjy bolsa, resminamany kabul etmeklerini sypaýyçylyk bilen sorady we aktiwistler onuň ýanynda sesini çykarman durdylar. Muňa seretmezden, konsulhananyň işgärleri olara hüjüm etdiler, ellerini gaňyryp, kemsitdiler, käbir aktiwistleriň telefonyny aldylar.

The post Türkmenistanly aktiwistler prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazmaça ýüzlenme gowşurmaga synanyşdylar.

Olary Stambuldaky konsulhanada gazaply ýençdiler (wideýo) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Diňle: THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar