Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar

Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar

Astana şäherinde geçirilen boks boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň agzalary 7 medala mynasyp boldular. Olaryň biri altyn, üçüsi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.

13 agram derejede geçirilen yklym birinjiligine 23 ýurtdan — Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Eýrandan, Ýemenden, Gazagystandan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Falestinadan, Täjigistandan, Taýlanddan, Taýwandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Filippinlerden we Ýaponiýadan ýetginjek türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy.

Turnirde iň kiçi ýaşly ýetginjekleriň arasynda türkmen boksçylary dört medala mynasyp boldular. Has takygy, 63 kilogram derejede çykyş eden Daýanç Durdynepesow altyn, 48 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Sanjar Hemraýew we 50 kilograma çenli agram derejede ringe çykan Abdylla Hojaýew kümüş, şeýle-de 54 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Seýitjan Babajanow bürünç medala eýelik etdi.

Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlarda bolsa Türkmenistanly boksçylaryň üçüsi hormat münberinden orun almagy başardy. Olardan Aziz Gylyjow 57 kilograma çenli agram derejede kümüş, Yhlas Bagtyýarow 75 kilograma çenli agram derejede we Mustapa Muhammetdurdyýew 92 kilograma çenli agram derejede bürünç medal bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer