1-nji oktýabr halkara kofe güni

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan kofe güni dürli günlerde bellenilýän hem bolsa, 2015-nji ýyldan bäri 1-nji oktýabrda halkara derejesinde bellenilýär. 2014-nji Halkara Kofe Guramasyna (ICO) agza ýurtlar belli bir güni kofe güni edip bellemek kararyna gelýär. Şeýlelikde 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabrdan başlap, kofe güni bellenilýär. 2014-nji 3-7-nji martynda Milanda geçirilen “Expo 2015” sergisinde Halkara Kofe Guramasy kofe gününi döretmek kararyna gelýär. Şeýle-de bolsa kofe gününi döretmek baradaky teklipler öz gözbaşyny has irki döwürden alyp gaýdýar.

Ilkinji gezek 1983-nji ýylda Ýaponiýa Bütinýaponiýa kofe bileleşigi bu içimlige bagyşlanan güni döretmegi teklip edýär.

1997-nji ýylda Hytaýda, 2005-nji ýylda Nepalda, 2009-njy ýylda Taýwanda dürli senelerde kofe günleri bellenilýär. 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrda ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Täze Orleans şäherinde kofe festiwalynda hem şeýle teklip orta atylýar.

Kofe dünýäde iň köp satylýan harytlaryň arasynda ýokarky orunlary eýeleýär.

Kofe öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar

Ýene degişli makalalar

Ecodrink-de bir bulgur hoşboý ysly kofe bilen şäheriň şowhunyndan dynç alyň
Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary
Hytaýda Türk Kofesi Tanyşdyryldy
“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady