Türkmenistanly futbol eminleri CAFA we FIFA tarapyndan geçirilýän onlaýn maslahatlara gatnaşýarlar

Türkmenistanly futbol eminleri CAFA we FIFA tarapyndan geçirilýän onlaýn maslahatlara gatnaşýarlar

30-njy noýabr bilen 2-nji dekabr aralygynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň FIFA bilen bilelikde guramagynda halkara eminleriniň arasynda onlaýn seminary geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Onlaýn seminara Merkezi Aziýa sebitine girýän FIFA derejeli eminler gatnaşyp, olaryň arasynda türkmenistanly FIFA-nyň eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow, Çarymyrat Gurbanow hem-de Alibek Sapaýew dagy bolar.

7-9-njy dekabr aralygynda bolsa onlaýn seminary FIFA-nyň kömekçi eminleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Bu okuw seminaryna Türkmenistanyň wekilleriniň altysy gatnaşmaga mümkinçilik aldylar: Pälwan Pälwanow, Ahmet Begnazarow, Akmyrat Gurbanow, Babanazar Haknazarow, Berdimämmet Atdyýew, Şageldi Hydyrow.

Onlaýn seminarlaryny özbegistanly FIFA-nyň eminleriniň gözükdirijisi Farhad Abdullaýew geçirer. Onuň dowamynda gatnaşyjylar futbol oýnuna girizilen soňky üýtgeşmeler bilen tanşarlar. Şeýle-de, oýun pursatlaryny içgin seljererler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly eminler FIFA-nyň sanawyna goşuldylar
Halkara derejeli eminleriň gatnaşmagynda onlaýn seminar geçiriler
Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa iş saparyny tamamlady, arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistana geler, Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi