Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi

Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi

Samsun şäherindäki awtoulag bejerilýän dükanda sapança bilen ýaralanan jansyz jesedi tapylan we öz janyna kast edendigi öňe sürlen türkmenistanly student gyzyň söýgülisiniň türme hökümi yglan edildi diýip, türk mediasy habar berýär.

"30-njy ýanwarda türk kazyýeti Kenan Palany “adalatsyz prowokasiýa astynda öldürmek” jenaýaty boýunça 20 ýyl we bikanun ýarag saklamakda 10 aý, jemi 20 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum etdi we onuň tussaglygyny dowam etdirmek kararyna geldi" diýip, “Milliyet” neşiri ýazýar.

Waka 2022-nji ýylyň 26-njy noýabr gijesi Samsunyň Janik etrabynda bolupdy. Samsun uniwersitetiniň studentidigi aýdylýan 21 ýaşly Nurşat Muhammedowa awtoulag bejerilýän dükanda sapança bilen atylan ýagdaýda öli tapylypdy we barlaglardan soň Ankaranyň gonamçylyklarynyň birinde jaýlanypdy.

Dükan eýesiniň halaşýanydygy öňe sürlen student gyzyň ölümi şübheli tapyldy. 43 ýaşly telekeçi Kenan Pala polisiýa tarapyndan saklanyldy. Ol Muhammedowanyň psihiki meseleleriniň bolandygyny we şol sebäpli özüni heläkländigini öňe sürdi. Kazyýet binasyna ugradylan Pala tussag edildi we türmä iberildi.

Geçen ýylyň ýanwarynda Samsun Baş prokuraturasy tarapyndan geçirilen derňew tamamlandy. Pala garşy "bilkastlaýyn adam öldürmek" aýyplamasy boýunça ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi soraldy. Oňa garşy Samsun 1-nji Ýokary jenaýat kazyýetinde kazyýet işi açyldy.

Pala 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda soňky gezek kazynyň öňüne çykdy.

"Ol kazyýet öňündäki çykyşynda '14 aý bäri bigünä bolsam-da, sabyr bilen adalatyň öz ýerini tapmagyna garaşdym. Merhumyň iki gezek janyna kast etmeginiň öňüni aldym. Merhumy men öldürmedim. Ol öz janyna kast etdi. Men bigünä, aklanmagymy isleýärin' diýdi" diýlip, "Milliýet" neşiriniň habarynda bellenýär.

Türkiýäniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizendigine we türk häkimiýetleriniň 2023-nji ýylda bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirendigine garamazdan, bu ýurt türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy we okuw üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.

Türk Migrasiýa edarasynyň 25-nji ýanwarda täzelän soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 208 müň 123 türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Türkmenistan Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany boýunça birinji orunda durýar. Bu sanawda ikinji orny Russiýa Federasiýasy eýeleýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine mälim etmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri olaryň bu ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada hem mesele gozgamaýarlar.

Ýöne Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda türkmen studentleri türk metbugatyndaky habarlaryň arasynda ýygy-ýygydan peýda bolýar.

27-nji ýanwarda türk mediasy Balykesir şäheriniň Erdek etrabynda, wiza amallary bilen meşgullanýan kompaniýanyň adyny ulanyp, Germaniýa we Italiýa gitmek üçin wiza ýüz tutmak boýunça özleri bilen habarlaşan raýatlary talamakda güman edilýän alty adamyň, şol sanda Türkmenistanyň iki raýatynyň tussag edilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi