Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar

Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň we Ýewraziýanyň beýleki ýurtlarynyň habarçylary Hytaýyň Şensi welaýatynyň Weýnan şäherine baryp, oba ýerleriniň özgerişi we ösüşi bilen tanyşdylar.

Wekiliýetiň agzasy bolan Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazetiniň wekili Weýnan şäherindäki HHR-iň oba ýerlerini dikeltmekde gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi merkezine baryp gördi.

Daşary ýurt habarçylaryna 150-den gowrak oba hojalyk we onuň bilen ugurdaş önümler, 14 ýerli täsin azyk önümleri, maddy däl medeni miras önümleriniň 5 kategoriýasy, Weýnan şäherinde oba hojalygynyň ösüşine degişli gazanylan üstünlikler görkezildi.

Wekiliýet Weýnan şäheriniň Tunguan etrabynda SF Express logistika kompaniýasynyň senagat kärhanalaryna baryp gördi. Bu ýerde habarçylar Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa öndürmek taslamalary we ýumşak tohumly nar önümçilik seýilgähi bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen habarçylary Hytaýda oba ýerleriniň gülläp-ösüşi bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy
Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy
12.06.2019 | Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde