Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar

2023-nji ýylyň 1 — 6-njy maýy aralygynda Gazagystanda mekdep okuwçylarynyň arasynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçiriler. Oňa türkmenistanly mekdep okuwçylary hem gatnaşar diýip, BigAsia habar berýär.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynyň guramaçylyk komiteti olimpiadany 1 — 6-njy maý aralygynda Gazagystanda geçirmek kararyna geldi diýlip, habarda aýdylýar.

Dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan bolan toparlar eýýäm Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Olaryň hatarynda Türkmenistan, Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Bolgariýa, Wengriýa, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Makedoniýa, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Siriýa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Horwatiýa ýaly ýurtlaryň toparlary bar. Şeýle hem şu ýyl Braziliýanyň milli ýygyndysy bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilkinji gezek ýüz tutdy.

Olimpiada pandemiýa sebäpli emele gelen ähli çäklendirmeler aýrylandan soň ilkinji gezek adaty tertipde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
17.07.2017 | Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda nebit koksundan grafit alyndy
01.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Elementleriň tablisasy nädip döredildi?