Türkmenistanly suratkeş Hytaýda geçirilen sergä gatnaşdy

Türkmenistanly suratkeş Hytaýda geçirilen sergä gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy.

17 — 25-nji noýabry aralygynda geçirilen sergä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň belli nakgaşlary gatnaşdylar.

Bu çäre Türkmenistandan Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew gatnaşdy. Halypa nakgaş özüniň Rodoguna, Tumar şa, Gumly gelin, Kejebe, Üç elti ýaly eserleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Serginiň dowamynda oňa gatnaşan dostlukly ýurtlaryň nakgaşlary ussatlyk sapaklaryny geçdiler, birek-birekden tejribe alyşdylar we täze eserleri döretdiler. I.Işangulyýew ahalteke bedewine bagyşlap çeken Şasöýen atly eserini sergini guraýjylara sowgat berdi diýlip, habarda bellenilýär.

Sergä gatnaşanlara guraýjylar tarapyndan Diplomlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisine gatnaşdy
ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI
Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
“Habyl we Kabyl” spektaklynyň premýerasy boldy
Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek meýilleşdirilýär