Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek meýilleşdirilýär

Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek meýilleşdirilýär

11-nji iýulda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselesi hem maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistan bilen Türkiýe kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy