Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat palatasynyň Başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, hususan-da energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem azyk senagaty ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň we Türkiýäniň kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça, şol sanda telekeçileriň sergilere we dürli forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Türkiýe kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maslahatlaşdy
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Aşgabatda bitin towuga derek iki sany zaýalanan jüýje satylýar, Türkmenabatda azyk nyrhlary galplaşdyrylýar
Gyş paslynda iýmeli miweler
Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady