Türkmenistanly talyp gyzlar Gazagystanda geçirilen halkara bäsleşiklerde baýraklary eýelediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Astanada geçirilen ýaşlaryň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler.Bäsleşikler Bilim-orkenieti Milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan Žana Kazakhstan Respublikan innowasion merkezi bilen bilelikde guraldy.

Uniwersitetiň magistraturasynyň talyp gyzy Aýna Ýollyýewa onlaýn görnüşde gatnaşyp, GDA-nyň iň oňat talyby diýen halkara bäsleşikde baş baýragy eýeledi.Bäsleşigiň eminleri ylmyň, sportuň we döredijiligiň ösdürilmegine Ýollyýewanyň goşandyna ýokary baha berdiler.

Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlyk ugrunyň talyby Suraý Memyýewa XXI asyryň lideri halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy.Ekologiýa we ekologiýa tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Bahadyr Ýuldaşowyň ýolbaşçylygynda Suraý hem bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler tarapyndan talybyň ýokary öňdebaryjylyk häsiýetleri, şeýle hem jemgyýetçilik işlerine onuň başlangyçlary hem-de işjeň gatnaşmagy bellenildi.Türkmen ýokary okuw mekdebine wekilçilik eden talyp gyzlaryň ikisi-de I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan hem-de ýeňiş kubogy bilen sylaglandylar.

Astanada geçirilen halkara bäsleşikler Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň talyp ýaşlaryny bir ýere jemledi. Ýurdumyzyň tapawutlanan talyplary Aýna Ýollyýewanyň we Suraý Memyýewanyň ylmy-taslama, ders hem-de halkara we milli derejeli beýleki bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiji bolandyklaryny bellemek gerek.

Uniwersitetiň ýaş, zehinli, maksada okgunly we başarnykly talyp gyzlary özleriniň ylmy, okuw hem-de döredijilik işlerini uly ymtylyş, gyzyklanma we yhlas bilen dowan edýärler.Türkmenistanyň talyp gyzlarynyň gazanan üstünlikleri türkmen ýaşlarynyň hünär taýýarlygynyň ýokary derejesiniň, olaryň giň dünýägaraýyşlydyklarynyň, zehinlidikleriniň we döredijilik taýdan ukyplydyklarynyň, şeýle hem täze belentliklere ýetmäge hem-de Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmaga hemişe taýýardyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Talyplar ýygyndy toparymyzyň agzalary Ariel matematika olimpiadasynda dürli derejeli medallary eýelediler
22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
TDU-nyň ýygyndysy Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda toparlaýyn üstünlik gazandylar
08.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi
Prezident Berdimuhamedow ýurt boýunça 40-a golaý häkimi täzeden wezipä belledi