22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler

13-18-nji noýabrynda Krakow şäherinde (Polşa Respublikasy) geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler.Olaryň hatarynda amaly matemetika we informatika kafedrasynyň mugallymy Pälwan Agamyradow we adybir fakultetiň bäşinji ýyl talyplary Agaserdar Ýollyýew, Ilşat Weliýew we Döwran Nurgeldiýew ikinji orna hem-de agzalan fakultetiň üçünji ýyl talyby Murat Çäşemow üçünji orna mynasyp boldular.

Toparlaýyn hasapda biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýygyndysy ýigrimi toparyň arasynda öňe saýlanyp, olimpiadanyň guramaçylary tarapyndan ýörite diplom bilen sylaglandy.Türkmen matematikaçylary Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Makedoniýadan we Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, gelen bäsdeşleri bilen ýaryşdylar.

Ildeşlerimiziň halkara olimpiadasynda gazanan nobatdaky ýeňşi ýaş türkmenistanlylary okatmagyň ähli tapgyrlarynda gurşap alan giňmöçberli we innowasion many-mazmunly bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň köpsanly subutnamalarynyň biridir.Talyplarymyzyň halkara derejesindäki intellektual bäsleşiklerde alýan sylaglary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleinde berilýän ylmyň artýan mümkinçiliklerini we türkmen ýaşlarynyň zehinleriniň köpugurlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýene degişli makalalar

TDU-nyň ýygyndysy Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda toparlaýyn üstünlik gazandylar
Polşaly daýhanlar Ukraina degişli ýük awtoulaglaryna serhetden geçmäge rugsat bermeýärler
Ýaşlaryň arasynda-da…
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri halkara matematika olimpiadasynda şowly çykyş etdiler
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Inga Pawloskaýa: nakgaş hakda kelam söz