Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri halkara matematika olimpiadasynda şowly çykyş etdiler

Krakowda geçirilen Nikolaý Kopernik adyndaky birinji Halkara matematika olimpiadasyna dürli ýurtlardan, şol sanda Belarusdan, Çehiýadan, Serbiýadan, Makedoniýadan, Rumyniýadan, Türkmenistandan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan talyplaryň, aspirantlaryň hem-de magistrantlaryň ýüzden gowragy gatnaşdy.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, energetika we oba hojalyk institutlarynyň wekilleri bolup, olar dürli derejeli baýraklaryň sekizisini eýlediler. Milli ýygynda mugallymlar Nurmuhammet Gurbanmämmedow (TDU) we Pirmyrat Gurbanow (HYYweÖU) ýolbaşçylyk etdiler.

Ozal habar berlişi ýaly, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary ikinji ýerleriň dördüsini we bir üçünji ýer eýeläp, ýygyndyda öňe saýlandylar.

Ýene-de üç üçünji orny ýokary ýyl talyplary Mekan Hojaýew ( energetika instituty), Nury Atajanow (oba hojalyk instituty), şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň birinji ýyl talyby Perman Iljanow dagy eýelediler.

Energetika we oba hojalyk institutlarynyň we Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallamlary degişlilikde Kerwen Durdymyradow, Gurtmyrat Motukow we Pälwan Agamyradow dagy aspirantlar we ýaş mugallymlar üçin bäsleşikde ýörüte diplomlara we hormat hatlaryna mynasyp boldylar.

Olimpiada gatnaşanlar Watana gaýdyp gelenden soňra olaryň okaýan we işleýän ýokary okuw mekdeplerinde ýeňijileriň hatyrasyna geçirilen dabaralarda türkmen talyplarynyň halkara ders olimpiadalarynda, şol sanda matematika olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleriniň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmelriň netijeliligine şaýatlyk edýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň milli ýygyndy toparyň hatarynda şeýle bäsleşiklere gatnaşmagy mugallymlaryň hünär ussatlygyny we ýaş nesliň ylmy barlaglara zehinini kämilleşdirmeklerine höwes döredýär, olaryň bilimi, erjelligi we başarnygy ýurduň okgunly ösüşini kesgitlär.

Ýene degişli makalalar

Polşaly daýhanlar Ukraina degişli ýük awtoulaglaryna serhetden geçmäge rugsat bermeýärler
Ýaşlaryň arasynda-da…
22.11.2017 | Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
TDU-nyň ýygyndysy Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda toparlaýyn üstünlik gazandylar
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Inga Pawloskaýa: nakgaş hakda kelam söz