Türkmenistanly talyplar Italiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler,Türkmenistan we Eýran tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanly talyplar Italiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler,Türkmenistan we Eýran tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Alty sany türkmenistanly talyp Italiýada italýan dili we edebiýaty ugry boýunça üç aýlyk hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmäge hukuk aldylar. Maksatnamanyň çäklerinde talyplar ylym we tehnologiýalar, italýan dili, edebiýaty we medeniýeti ýaly dürli ugurlar boýunça akademiki okuwlara gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.

2. 19-njy awgustda Aşgabatda tomaşaçylar 48 sagadyň dowamynda surata düşürmek atly özboluşly taslamanyň çäklerinde döredilen gysga göwrümli filmlerden lezzet alarlar.Filmleriň görkezilişi tomaşaçylara häzirki zaman türkmen kinematograflarynyň dürlüligini we zehinini görmäge, ýaş režissýorlar we aktýorlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik döreder, şeýle hem indiki ýyl geçiriljek 48HFR bäsleşigine gatnaşmaga höweslendirer.

Tomaşaçylara dürli mowzuklarda 18 gysga göwrümli film görkeziler.Görkeziliş Amerikan merkezinde geçiriler.

3. Türkmenistan we Eýran soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi sebäpli ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

4. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 242,7 million dollar boldy, şonuň 61,3 million dollary türkmen eksportyna degişlidir.

5.Türkmenistanda garpyz we gawun hasylyny ýygnamagyň wagty geldi.Bu ekinler ýurt üçin adaty bolup, oba hojalyk we gök-bakja ekinleriniň agramly bölegii eýeleýär.Ekin meýdanlarynda gawunyň dürli görnüşlerini görmek bolýar, olaryň arasynda çärjew, torpeda we türkmen tohumlary tapawutlanýar.

Dünýäde belli bolan gawunyň 1500 görnüşiniň 400-si Türkmenistandan gelip çykýar.Garpyzyň bişenligini kesgitlemek üçin gabygyň üstündäki sary tegmile, gury sapagyna we kakylanda çykarýan sesine üns bermeli.Garpyzyň sesi pes eşidilmeli, gaty däl diýip, daýhan Merdan Hudaýberdiýew gürrüň berdi.

Garpyz we gawun möwsümi oktýabr aýyna çenli dowam eder.Häzirki wagtda irki we orta sortlar ýygnalýar, giçki tohumlar bolsa soň bişer.

6. Aşgabatda 2023-nji ýyldaky kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama görä, dünýä çempionaty 2023-nji ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Bäsleşige dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan 500 töweregi türgen gatnaşar.

Dünýäde

7. Russiýa Federasiýasynyň hökümeti 2012-nji ýylda bäş sany Hazarýaka döwleti tarapyndan Moskwada gol çekilen Hazar deňzini guryýer çeşmelerinden hapalanmakdan goramak baradaky teswirnamany tassyklady. Resminamanyň maksady deňiz gurşawynyň guryýer çeşmelerinden we guryýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmagynyň öňüni almak, azaltmak, gözegçilikde saklamak we mümkin boldugyça goramakdyr.

8. Ýaponiýada Lan harasaty sebäpli iki müňe golaý adamyň daşarky dünýä bilen gatnaşygy kesildi. Ýramaz howa we güýçli ýagyş birnäçe infrastruktura desgalarynyň weýran bolmagyna sebäp boldy. Mundan başga-da, tebigy betbagtçylygyň netijeleri sebäpli 180 müňden gowrak adama başga ýere göçürilmek maslahat berildi.

Sport habarlary

9.Gresiýanyň Pireý şäherinde Angliýanyň Mançester Siti we Ispaniýanyň Sewilýa toparlarynyň arasynda UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşyk geçirildi.Oýnuň esasy wagtynda ýeňiji kesgitlenmedi, ol 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Sewilýanyň düzüminde Ýussef En-Nesiri (25), Mançester Sitiniň düzüminde bolsa Koul Palmer (63) tapawutlandy. Ýeňiji oýundan soňky 11 metrlik urgular arkaly anyklanyldy, onda şowlulyk iňlisleriň tarapynda boldy 5:4.

10.Al-Hilal Neýmaryň toparyň köýnekçesi bilen wideosyny paýlaşyp, futbolçynyň transfer edilendigini habar berdi. Şertnamanyň maliýe aýratynlyklary aýan edilmedi, emma habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, PSŽ braziliýaly futbolçy üçin bonuslary hasaba almazdan, 90 million ýewro aldy.

Neýmar 2017-nji ýylyň tomsundan bäri PSŽ-de çykyş edýärdi.Ol Pariže şol wagt rekord derejedäki 222 million ýewro bilen geçdi.Ol 2013 2017-nji ýyllar aralygynda Barselonada çykyş edipdi.

11. 20 27-nji awgust aralygynda Gissaryň Merkezi stadionynda futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U-17) arasynda CAFA-2023 çempionaty geçiriler. Çempionata sebitiň bäş ýurdundan Täjigistandan, Eýrandan, Özbegistandan, Owganystandan we Gyrgyzystandan toparlar gatnaşarlar.

CAFA-2023 (U-17) çempionatynyň çäklerinde 10 oýun oýnalar.Duşuşylar bir aýlaw bilen aýlaw ulgamynda geçiriler, onda her topar beýleki toparlaryň ählisi bilen duşuşar. Ýeňiji topar toplanan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Sergi-ýarmarka ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň artýan mümkinçiliklerini görkezýär
Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar
Tomsuň halanýan önümi
"Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär