Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy

Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Awstriýanyň Oberwarta şäherinde geçýän “European Open” çempiýonatynda 66 kilo agrama çenli bäsleşikde altyn medal gazandy diýip hökümetiň tarapdary bolan neşir habar berýär.

Agamämmedow deslapky bäsleşiklerde fransiýaly Seýma Loueti, slowakiýaly Matee Polýaki, gollandiýaly Iwo Werhosteri ýeňmegi başardy. Ol ýarym jemleýji oýunda Aýbolat Ystybaýy, jemleýji bäsleşikde Gazagystanly Ermek Amangeldini ýeňdi.

23 ýaşly Hekim Agamämmedow geçen aý Türkiýäniň Konýa şäherinde geçen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 66 kilo çenli agramda bürünç medaly alypdy.

Bellesek, mundan owal bu ýaryşlara gatnaşýan dzýudoçy Hakberdi Jumaýew 60 kilo çenli agramda altyn medaly gazandy.Ol jemleýji oýunda fransiýaly bäsdeşi Riçard Wergnesa ýeňdi.

Ýewropa-2022 açyk çempiýonatyna Türkmenistanly 28 dzýudoçy (16 erkek we 12 zenan) gatnaşýar diýip neşir ýazýar.The post Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Netflix baş keşpde Leonardo Di Kaprio bilen “Ýokaryk seretmäň” filmini çykardy
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ornuny saklap galdy
Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler