Türkmenistanly ýigitler Çuwaş döwlet uniwersitetiniň talyplary edermenligi üçin sylaglandylar

Biziň internet-gazetimiziň redaksiýasyna I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (Çeboksary şäheri, Russiýa Federasiýasy) Kommunikasiýalar merkeziniň işgäri Natalýa Ýaşinadan hat gelip gowuşdy, onda häzirki wagtda şol ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetinde bilim alýan ildeşlerimiz Eldar Alyýew bilen Allabaý Amanmuhammedowyň edermenligi barada gürrüň berilýär.

Allabaý bilen Eldar aýal maşgalanyň janyna kast etjek bolan erkek adamy tutdylar, ony polisiýa işgärlerine tabşyryp, jenaýatyň öňüni aldylar.Halas edilen Tatýana Aksanowa ýokary okuw mekdebine ýazan hatynda talyplaryň edermeligi barada gürrüň berdi. Çuwaş döwlet uniwersitetinde Allabaý bilen Eldary mübäreklemek dabarasy boldy, onda adatdan daşary ýagdaýda görkezen batyrgaýlygy, rehimdarlygy we gaýratlylgy üçin olara ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyndan minnetdarlyk haty gowşuryldy. Çuwaşystan Respublikasy boýunça IIM-niň ýanyndaky Jemgyýetçilik geňeşi bolsa olaryň ata-enelerine mynasyp ogullary ýetişdirendigi üçin Minnetdarlyk hatyny ugratdy. Çärä wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Eldar Alyýewiň we Allabaý Amanmuhammedowyň ýakyn hossarlary gatnaşdylar, olaryň adyna mähirli sözler hem-de ýagşy arzuwlar aýdyldy.

Häzirki wagtda ýaşlarda işjeň raýatlyk garaýşy ösdürmegi dowam etmek, olara watanperwerlik terbiýesini bermek, daş-töweregindäkilere biparh garamýan, daşyndan göräýmäge adaty adamlar bolan döwürdeşlerimiziň edermenligi barada gürrüň bermek biziň wezipämizdir - diýip I.

N.Ulýanow adyndaky ÇDU-nyň rektory Andreý Aleksandrow ýygnananlaryň öňünde çykyş edende belledi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
Professor Eldar Rustamow ylmy işe başlamagynyň 50 ýyllygyny belledi
Türkmenistanda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsümi tamamlandy
Ornitologlaryň gözegçiliglindäki Maýsa atly gara depeli tekejyllyk Türkmenistanda düşläp geçdi
Halkara ekologiýa forumuna gatnaşyjylar pikir we tejribe alyşdylar