Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar

Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar

2023-nji ýylyň tomsunda Yandex öz akademiýasynyň çäginde talyplar we ähli gyzyklanýanlar üçin Interfeýs ösüş mekdebi, Mobil ösüş mekdebi (iOS, Android, Flutter), Programma döredijiler ösüş mekdebi (Python, Java, C++, Go) we Dolandyryjylar mekdebi ýaly dört okuw mekdebiniň işini ýola goýar. Bu kompaniýanyň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Berlen habarda mekdepde bilimiň tölegsiz, ýazylmagyň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigi bellenilýär. Ýazylmak üçin häzirden ýüz tutup bolýar. Iň gowy netije gazanan talyplar tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik alarla ýa-da kompaniýada işlemek üçin çakylyk alyp bilerler.

Maksatnama iki basgançakdan ybarat bolar. Birinji basgançakda söhbet sapaklary onlaýn ýagdaýda geçiriler. Soňra Moskwadaky (Russiýa), Belgraddaky (Serbiýa) we Almatydaky (Gazagystanda) Yandex ofislerine tejribe okuwlary guralar.

Okuwlar rus dilinde bolar we sapaklary Yandex-iň hünärmenleriniň özleri alyp bararlar.

Onlaýn tapgyry üstünlikli tamamlan talyplaryň hemmesine Yandex-iň maksatnamasynyň ikinji tapgyryna petek berler we ýaşaýyş jaýy bilen mugt üpjün ediler.

Mekdebe girmek üçin ýüztutma ibermeli. 15-nji martda kompaniýa tarapyndan degişli tertipde bäsleşik esasynda synaglar geçiriler. Sapaklar tomsuň başynda başlanar.

Özüňizi gyzyklandyrýan sowallara Mekdebiň sahypasyndan jogap tapyp bilersiňiz.

Yandex akademiýasy 2011-nji ýyldan bäri Tomusky mekdeplerinde okuwlary geçirýär. Bu döwürde 2800-den gowrak hünärmen taýýarlanydy. Şolardan 1076 adam Yandex-iň işgäri, 632 adam bolsa kompaniýa üçin işlemegini dowam etdirýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Energiýa kompaniýasy iri ylalaşyga gol çekdi
Amir Abdullahian: Eýran Yslam Respublikasy aşa talaplara garşy kuwwatlylyk bilen durar
Hatibzadeh: Grossiniň Palestinanyň basylyp alnan ýerlerine sapar etmegi agentligiň abraýyna agyr zarba urdy
Amir Abdullahian Borrele ýüzlenip: Beýleki tarap goşa standartlardan saklanmalydyr
Amerikanyň Barjam hakda iki ýüzli we gapma-garşylykly hereketlerini Eýanyň tankytlamagy