Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýa kubogy — 2022 ýarşynyň ikinji duşuşygynda Hindistanyň ýygyndysyndan 19:20 hasabynda utuldy.
Hindi topary toparçada birinji orny eýeledi (41 utuk) we Aziýa kubogynyň finalyna çykdy. Ikinji orunda Türkmenistan (37 utuk), üçünji orunda Palestina (22 utuk) bar.
Türkmen toparynyň düzüminde Ýewgeniý Nazipow, Annaguly Hojagulyýew, Kerim Mämmetmyradow we Merdan Hojamedow dagy çykyş etdiler.
Erkekleriň arasyndaky bäsleşikde diňe üç ýygyndynyň esasy tapgyrda kepillendirilen ýeri bar. Olar Singapur (ýer eýeleri), Awstraliýa (häzirki çempion) we Mongoliýa (2021-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli FIBA 3x3 reýtinginde iň gowy reýtinge eýe bolan topar).
Düýn, 6-njy iýulda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ýaryşyň saýlama duşuşyklaryny üstünlikli geçirip, esasy tapgyra çykmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys.