Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-de Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-de Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynyň ikinji tapgyrynda Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi.

B toparçanyň çägindäki duşuşyk türkmen ýygyndysynyň 19:15 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýygyndy indi duşuşygyny toparçanyň lideri Täze Zelandiýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Häzir Täze Zelandiýada 41, Koreýa Respublikasynda 28, Türkmenistanda 27, Tongada bolsa 25 utuk bar.

Türkmenistan ― Täze Zelandiýa duşuşygy Aşgabat wagty bilen 16:45-de başlanar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň käbir ýurtlary 2025-nji ýyla girmäge başlady
Türkmenistanyň 3×3 basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi
Asyryň partlamasy diýlip baha berildi
Tongada suwasty ýanardag atyldy
Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar