Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, asylly däbe eýerilip, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular başlap berdiler. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumlary saýlanyp alyndy.Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurduň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “149-F” ýaly tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi.

Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten — 14” görnüşi, toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar hem-de gowaça kultiwatorlary peýdalanylar. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze ekiş möwsümine taýýarlanyldy.

Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda welaýatlaryň degişli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi.

Hususan-da, gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň hem-de haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Türkmenistanda 2023 ýyl boýunça 580 müň gektar ýere gowaça ekiler
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi: 690 müň gektara bugdaý ekiler
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal