27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistana sapar amala aşyrar, Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistan 1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamagyň meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär.Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. 2.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Özbegistana sapar amala aşyrar.Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hatynda bellenilýär. 3.

Aşgabatda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere garadylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere seljerme berildi. 4.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler. Çäreleri 3 5-nji mart aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bu çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. 5.Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde guraldy.Oňa paýtagtyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş merkezleriniň, Aşgabatdaky lukmançylyk we ugurdaş bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de onkolog lukmanlary, Germaniýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Belarusdan öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar. 6.

Brýusseliň köçelerinde Belgiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary tarapyndan türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy.Bu çäre Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çäräniň dowamynda Brýussel şäheriniň ýaşaýjylary türkmen şahyrynyň Türkmeniň atly goşgusyny iňlis we fransuz dillerinde okadylar.

Dünýäde 7. Synag tertibinde işe girizilen täze YouTube interfeýsi ulanyjylaryň arasynda uly nägilelik döretdi. Nägileligiň esasy sebäbi teklipleriň ekranyň ýarysyny diýen ýaly tutup, tomaşa edilýän wideonyň öňüne geçýändigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda täzelenme diňe çäkli mukdarda ulanyjy üçin elýeterlidir. Sosial ulgamlarda täze dizaýn barada eýýäm gyzgalaňly çekişme gidýär.

8.Russiýaly Halk ady bilen tanalýan we güýç tilsimleri boýunça dünýä rekordynyň eýesi Sergeý Agajanýan täze rekord goýmak bilen, tomaşaçylary ýene bir gezek haýran galdyrdy.Bu gezek ol 5 minutda 14 sany lukmançylyk maksatly ýyladyjyny (grelka) ýyrtdy.

Rekord goýmak synanyşygy Russiýa Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergi merkezinde (WDNH) guralan halkara sergisinde geçirildi. Ýyladyjylary demiň bilen çişmek güýç çykyşlarynyň iň ajaýyp we tolgundyryjy görnüşleriniň biridir.Onuň öndürilen materialynyň ýagdaýyny öňünden çaklap bolmaýandygy aýratyn gyzyklanma döredýär: ýyladyjy 5 sekuntda hem ýarym minutda hem ýarylyp bilýär.

Sport habarlary 9.Londonyň Arsenal klubynyň ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlendi.Arsen Wenger özüniň wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuwlap, bu sport görnüşinde ýokary netijeleri gazanmak üçin ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň ähli futbol janköýerlerine salam.Men siziň ösen futbol ýurduna öwrülmegiňizi arzuw edýärin. Ähli zadyň çagalary terbiýeläp ýetişdirmekden başlanýandygyny, şeýle edilende islendik üstünlige ýetmegiň mümkindigini ýatdan çykarmaň.Men size ynanýaryn diýip, FIFA-nyň global futbol bölüminiň başlygy aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy