Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamyny geçirdi

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamyny geçirdi

ABŞ-nyň Siettl şäheriniň Şorlaýn Komýuniti kollejinde Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Şorlaýn Komýuniti we Kaskadia kollejlerinde bilim alýan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar hem-de ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çärede türkmen talyp ýaşlary türkmen we iňlis dillerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň watançylyk, agzybirlik hem-de parahatçylyk baradaky giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.

Soňra çärä gatnaşyjylar özlerinde döreýän gyzyklanmalary, hususan-da, Magtymgulynyň eserleriniň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde wajyplygy barada sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Edebiýat agşamyna gatnaşanlar parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Köçelerde guralýan göçme hajathanalar raýatlarda nägilelik döredýär
Moldowada Hökümete Garşy Ýöriş Geçirildi
Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Moldowada Dorin Reçanyň başlyklygynda täze hökümet tassyklandy
Türkmen alymlary topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzdüler
Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'
Türkmenistanly ýetginjek şort-trekçiler Aziýanyň çagalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýärler