Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de geljekki döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar 20242026-njy ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna seredip, pudagara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu resminamanyň halkara ülňülerini we Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda adam hukuklary babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň döwletiň ynsanperwer häsiýetini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen Pudagara toparyň işiniň geljekki esasy ugurlary kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy