Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gyrgyzstanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

5-nji dekabrda Bişkek şäherinde Prezidentiň “Ala-Arça” kabulhanasynda Ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident S.Žaparow Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Ilçiden Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa iň ýakymly sözleri we dostlukly salamlaryny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Prezident Erdogan Wengriýa Gitdi
Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi