Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Nowruz baýramy giňden bellenilýär

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Nowruz baýramy giňden bellenilýär

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Milli bahar baýramy --- Halkara Nowruz güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmen halky Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Ýurduň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, ýurtda Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýerde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduna toýlara beslenip Nowruz gelendir” atly sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirildi. Milli öwüşgine beslenen bu kompozisiýa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, saýlap alan döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyrdy.

Baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda döredilen çeper kompozisiýalar bilen dowam etdi. Görkezilen folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten baýramyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy. Bu ýerde zähmetsöýer türkmen halkynyň köpasyrlyk ekerançylyk adatlary aýdyň görkezilýär.

“Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Onda amaly-haşam sungatynyň we dürli senetleriň ussatlary bilen meşhur bolan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi.

Bu ýerde halk senetçiliginiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr. Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy.

Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem geçirildi. Olarda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden belleniler
Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
11.07.2019 | Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
Türkmenistanda Nowruz dabaralary prezidentiň bäş kitaby esasynda gurnaldy
21.03.2019 | Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar