Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Şu gün Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň binasynda geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar üç tapgyrda Hünärim bar — hormatym bar, Milli aşpezlik ukuplary we Türkmenistanyň ösüşlerini aýdymdyr gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etmek ýaly ugurlar boýunça çykyş etdiler.

Netijede baş baýraga Lebap welaýatyndan Türkmenistan döwlet täjirçilik bankynyň Amul şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Çaryýewa we Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülşat Eminowa dagy mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler
Halkara festiwalyň çäginde Ak gämi atly sahna eseri görkezildi
Paýtagtymyzyň teatr möwsümi uzak garaşdyran premýeralar we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar bilen açyldy
Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi Zenan kalby ordenine mynasyp boldy