30-njy noýabrda Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.
TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrma, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.
