E.Rahmon R.Meredow bilen G.Berdimuhamedowyň Täjigistana jogap saparyny maslahatlaşdy

E.Rahmon R.Meredow bilen G.Berdimuhamedowyň Täjigistana jogap saparyny maslahatlaşdy

30-njy noýabrda Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon Türkmenistanyň DIM-i Raşid Meredowy kabul etdi. Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” duşuşygyna gatnaşmak üçin Düşenbä bardy diýip prezidentiň metbugat gullugy habar berýär.

Emamoli Rahmon Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň möhümdigini belledi we türkmen tarapyna gowy garşylandyklary üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

DIM Meredow we Rahmon owal gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirip başlamagy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana jogap resmi saparyna ähli taraplaýyn taýýarlyklary maslahatlaşdylar.

Şeýlede taraplar iki ýurdyň halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy we gün tertibindäki sebit, halkara meseleler barada hem gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy bu duşuşyk babatda habar bermeýär.

Maglumat habarda “taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dowamly ösüşini bellediler” diýilýär.

Duşenbä saparynyň dowamynda Meredow Koreýaly kärdeşi Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikler geçirdi. Emeldarlar hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösüşiniň depginini bellediler.

Duşenbedäki forum babatda aýdylanda,onda 4 sany möwzuga—tokaý hojalygy,“ýaşyl” energiýa, saglygy saklaýyş we sanly tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyga garaldy.

Türkmenistanyň DIM-niň başlygy çykyşynda “energiýa hem senagat ýaly pudaklaryň tebigaty goramak düzümini giňeltmek bilen öz ýurdynyň ýaşyl ykdysadyýete’ goşandy barada belledi. Şeýlede diplomat saglyk pudagyndaky wajyp meseleler boýunça bilelikdäki işler şol sanda, koronawirusyň ýaýramagyna garşy umumy göreşe goşandy barada hem belläp geçdi diýip ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.The post E.Rahmon R.Meredow bilen G.Berdimuhamedowyň Täjigistana jogap saparyny maslahatlaşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Berdimuhamedowyň "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi" kitaby koreý dilinde çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitaby koreý diline terjime edildi
IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Hytaýda binanyň partlamagy netijesinde 20 adam harabalyklaryň aşagynda galdy