IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi

IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň hiç biri 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Aziýanyň iň gowy toparlarynyň sanawyna girip bilmedi.

Sport.kg saýtynyň habaryna görä, Futbolyň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýa (IFFHS) tarapyndan geçen ýylyň netijeleri boýunça Aziýanyň iň gowy klublary yglan edildi.

Sanawyň ilkinji iki ornunda Koreýa Respublikasynyň toparlary bar. Olar Ulsan Hýonde bilen Çonbuk Hýonde Motorsdyr. Ilkinji üçlügi Ýaponiýanyň Kawasaki Frontale topary jemleýär.

Aşaky orunlar şeýle:

4. Persepolis, Eýran;

5. Tegu, Koreýa Respiblikasy;

6. Al-Hilal, Saud Arabystany;

7. Phohan Stilers, Koreýa Respublikasy;

8. Nagoýýa, Ýaponiýa;

9. Al-Nassr, Saud Arabystany;

10. Esteglal, Eýran.

Sanawda klublaryň geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1-nji sentýabryna çenli aralykda görkezen netijeleri göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny