AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy

AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Ahaldan utulan Al-Feýha (Saud Arabystany) 1/8 finalda Kriştianu Ronaldunyň we onuň topardaşlarynyň garşydaşy boldy. Ýaryşyň indiki tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.

Ahalyň başga bir topardaşy ― BAE-niň Al-Aýn topary bolsa ýene-de özbek topary bilen duşuşdy. Toparçalaýyn tapgyrda Pahtakory ýaryşdan çykaran Al-Aýn bu gezek Nasafyň garşydaşy boldy.

Ýaryşyň indiki tapgyryna Saud Arabystanyndan dört, Koreýa Respublikasy bilen Ýaponiýadan üç, Özbegistandan iki, BAE, Eýran we Hytaýdan bir topar gatnaşar.

Umuman, bije çekişligiň netijeleri aşakdaky ýaly:

Günbatar sebit

Nasaf (Özbegistan) ― Al-Aýn (BAE)

Al-Feýha (Saud Arabystany) ― Al-Nassr (Saud Arabystany)

Sepahan (Eýran) ― Al-Hilal (Saud Arabystany)

Nawbahor (Özbegistan) ― Al-Ittihad (Saud Arabystany).

Gündogar sebit

Çonbuk Motors (Koreýa Respublikasy) ― Phohon Stilers (Koreýa Respublikasy)

Ulsan (Koreýa Respublikasy) ― Wentforet Kofu (Ýaponiýa)

Şandun Taýşan (Hytaý) ― Kawasaki Frontale (Ýaponiýa)

Bagkok Ýunaýted (Taýland) ― Ýokogama F. (Ýaponiýa).

AÇL-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary 12-13-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 19-20-nji fewralda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny