Türkmenistanyň baş prokuroryna nebit-gaz karhanalarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň baş prokuroryna nebit-gaz karhanalarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan edildi

5-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän Şahym Awdyrahmanow 10 aýyň dowamynda pudaklaryň işleriniň oňyn netijeleri barada hasabat berdi diýip TDH döwlet habarlar gullugy maglumat berdi.

Onuň hasabaty wagtynda prezident Berdimuhamedow döwlet konsernleri “Türkmengazyň” başlygy Batyr Amanowy , “Türkmennebitiň” başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýewi, “Türkmengeologiýanyň” başlygy Merdan Rozyýewi we baş prokuror Batyr Atdaýewi çagyrdy.

Ol emeldarlardan nebit-gaz pudaklarynyň senagat gurluşlarynyň ähli görkezijilerini ösdürmegi, nebit-gazyň gazylyň alynyp artdyrmagy, şeýlede gazdan öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmegi buýurdy.

Soňra Berdimuhamedow orunbasary Awdyrahmanowa käýinç, “Türkmengazyň” başlygy Amanowa we baş prokuror Atdaýewe ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi.

Awdyrahmanow we Amanow wezipe borçlaryny ýerine ýetirmändikleri,golastyndaky edaralara we pudaklara gözegçiligini peseldendigi, Atdaýew bolsa, nebit-gaz toplumynyň gurluşlaryna prokuratura gözegçiligini gowşadandygy üçin käýinç aldylar.

Näme maksat bilen nebit-gaz emeldarlarynyň hasabatyna baş prokurory goşandyklary we “Türkmengazyň”kärhanalarynda parahorlugyň ýa-da ogurlyk faktlarynyň ýüze çykarylyp-çykarylmandygy barada TDH anyklaşdyrmaýar.

Şahym Awdyrahmanow ÝET boýunça wise-premýerlige şu ýylyň fewralynda, Myratgeldi Meredowyň ornuna bellenipdi.

Şeýlede fewralda “Türkmengazyň” başlygy Batyr Amanow öňki käýinjini alypdy.

Baş prokuror Batyr Atdaýew bolsa, soňky käýinjini 2019-njy ýylda alypdy.The post Türkmenistanyň baş prokuroryna nebit-gaz karhanalarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Tatnebit” Türkmenistandaky 300 sany boş duran nebit guýysyny täzeden işe girizmekçi
Berdimuhamedow Türkmenbankyň, ”Türkmennebitiň” we Statistika boýunça Döwlet toparynyň başlyklaryny çalyşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmennebit döwlet konserniniň täze başlygyny wezipä belledi
“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär
Resmi habarlar