Resmi habarlar

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Korporasiýasy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Toplumy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň nebit aktiwleri 30-dan gowrak ýataga gönükdirilendir
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy