Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi

Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça sişenbe güni geçiren iş maslahatynyň barşynda toplumyň işine nägilelik bildirip, degişli ýolbaşçylara berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi. Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän düzümleri boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Resmi habarlar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy