Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesine berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesine berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken buýruklary bilen

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Korporasiýasy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Toplumy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda