Türkmenistanyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-däki üçünji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy.

Günüň dowamynda Guamyň we Gazagystanyň ýygyndylaryndan üstün çykan ildeşlerimiz üçünji duşuşygynda Papua-Täze Gwineýanyň ýygyndysyny 21:11 hasabynda ýeňdi. Türkmen basketbolçylarynyň E toparçada ýaryşandygyny ýatladýarys.

Şeýlelikde, türkmenistanly basketbolçylar üç duşuşykda 63 utuk toplap, ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny güýçlendirdiler.

Singapurda geçirilýän yklym ýaryşynda milli ýygyndymyza Dilfuza Azizowa, Aýna Gökowa, Leýla Halylowa we Zybagözel Hydyrowa dagylar wekilçilik edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogyna gatnaşar
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
"Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry..."
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert
Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar