Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi British Library kitaphanasynda duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi British Library kitaphanasynda duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ý.Serýaýew Beýik Britaniýanyň British Library kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen iş duşuşygy geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň British Library kitaphanasynda saklanýan asyl golýazmalarynyň nusgalarynyň göçürmesi bilen tanyşlyk guraldy.Beýik şahyryň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny guramak meselesi hem gozgaldy. Şeýle-de duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanylýan Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy atly dokumental filmi üçin British Library kitaphanasynyň wekilleriniň şahyryň golýazmalary barada gürrüň bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, British Library kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we millio golýazmalar institutynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda British Library kitaphanasynyň fondyna türkmen halkynyň Milli Lideriz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitaby hem-de Arkadag şäheri geljegiň şäheri atly kitap sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary
Elektroulaglary öndürer
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi
“Itiň hökmürowany” iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy
Londonda ýolagçy uçary tasdan agdarylypdy