Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kazan şäherinde geçirilýän Geljegi şekillendirmek halkara forumyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kazan şäherinde geçirilýän Geljegi şekillendirmek halkara forumyna gatnaşýarlar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Geljegi şekillendirmek atly bilim ministrleriniň halkara forumy öz işine başlady. Bu barada edsoo.ru saýtynda habar berildi.

Çeşmede bellenilişine görä, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrligi hem-de Tatarystanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde guralan bu üç günlük foruma Belarus Respublikasy, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Gazagystan, Wenesuela, Kongo Respublikasy, Siriýa, Günorta Afrika Respublikasy, Müsür, Senegal, Mali ýaly dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan degişli wekiliýetler gatnaşýar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki orny, ýokary hilli bilimi ösdürmek, maýyp çagalar we ýaşlar bilen işlemek, çagalaryň dynç almagy hem-de beýleki ýurtlarda rus dilini öwretmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
Faworitler ýeňiş bilen başlady
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar