Türkmenistanyň çempionynyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky üçünji garşydaşy belli boldy

Türkmenistanyň çempionynyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky üçünji garşydaşy belli boldy

Arkadag futbol klubynyň BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşynyň çägindäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygy üçin garşydaşy belli boldy.

Wladimir Baýramowdan tälim alýan topar üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny Gyrgyzystanyň çempiony Abdyş-Ata bilen geçirer. Gyrgyz toparynyň düzüminde türkmenistanly Teýmur Çaryýew hem-de Süleýmän Muhadow hem çykyş edýär.

Ýolddaşlyk duşuşygy 25-nj fewralda Abu-Dabi şäherindäki Jebel Ali Sport Centre meýdançasynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag futbol kluby BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde RPL-iň wekilleri Pari NN hem-de Zenit toparlary bilen hem güýç synanyşar.

Häzirki wagtda Wladimir Baýramowyň şägirtleri BAE-niň Abu-Dabi şäherinde ikinji gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çämpionatyna taýýarlyk görýärler. Türgenleşik-okuw ýygnanyşygy 3-nji marta çenli dowam eder.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag topary birinji gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirip, onuň çäginde Demirgazyk Makedoniýanyň Wardar (1:0), Ukrainanyň Şahtýor (1:4) hem-de Dnepr-1 (0:1) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Jebeldäki sement kärhanasynyň 'geljegi näbelli', işçileriň ýarysy işden boşadyldy
Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi $11,4 milliarda deň boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Gurýan döwlet gurpludyr
Türkmen aeroportlaryndaky durgunlygyň arasynda, resmiler raýat awiasiýasynyň ösdürilýändigini aýdýar