Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi.Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen halkara özara hereketleriň ugurlary bilen bagly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalarynyň ornyna bagyşlanan pikir alyşmalaryň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ynsanperwer kömekleri bermekde, Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmekde, döwlet institutlaryny pugtalandyrmakda hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly Owganystany goldamaga gönükdirilen yzygiderli garaýşyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystany sebit integrasiýa ýagdaýlarynyň möhüm gatnaşyjysy hökmünde görýändigi we ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegini goldaýandygy nygtaldy.

Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen sebit döwletleri, Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara guramalary bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
Almaty şäherinde üç günlük okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi