Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy
Daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY