Daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aratyn üns berildi.Taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça özara bähbitli ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ukrain syýasy geňeşmelerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy
Türkmenistan “Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy” sammitiniň taýýarlyk mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmagy
Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar