Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mýahri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ösüp gelýän nesil barada döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi